Çaga beýni ysmazly näsaglarda «LOKOMAT Pro 6 PE» enjamyny ulanmagyň usuly

6 Dekabr 2024
214

Maýa ÖKÜZOWA
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi

«Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçe garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur» diýip, buýsançly belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan gözbaş alyp gaýdýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmakda esasy orny eýeleýär. Bu işleri amal etmekde diňe bir ýurdumyzyň çagalaryna däl, eýsem, dünýä döwletleriniň çagalaryna hem haýyr-sahawat goluny uzadýan, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir. Gaznanyň howandarlygynda gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi mümkinçiligi çäkli çagalara saglygy goraýyş kömegini bermek üçin niýetlenip, sebitde ýeke-täk ilkinji saglygy goraýyş edarasy bolup durýar [1].