Aýdym-sazly duşuşyk

6 Dekabr 2024
209

Güneşe baý gözel ýurdumyzda ýazyjy-şahyrlaryň we beýleki ugurlaryň görnükli wekilleriniň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine ýakynda Gökdepe şäher medeniýet köşgünde belli şahyr Ilmyrat Pudakowyň (1924 — 2015) 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Ahal welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guralan aýdym-sazly duşuşyk hem güwä geçýär. Gyzykly geçen bu duşuşyga şahyryň öz okyjylaryna miras goýan ajaýyp goşgularynyň aşygy bolanlaryň uly topary gatnaşdy.

Duşuşykda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow, Konserwatoriýanyň türkmen sazy kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň halk artisti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Orazmyrat Annanepesow, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow, «Adalat» gazetiniň uly habarçysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi, şahyr Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa we beýleki ýazyjy-şahyrlar, aýdymçylar, kompozitorlar çykyş edip, şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar, goşgularyň çeperçiligi barada gyzykly gürrüň berdiler.

«Watan».