Watan goragy mukaddesdir

5 Dekabr 2024
221

Hormatly Prezidentimiziň asly halallyga, nuranalyga ýugrulan halkymyzyň merdi-merdanalyga, watanperwerlige sarpasy Watan goragçylary hakynda yzygiderli edýän aladalarynda aýdyň ýüze çykýar. Uly rowaçlyklara beslenýän galkynyşly döwrümizde durmuşa geçirilýän harby özgertmeler giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilip, Milli goşunymyzyň harby kuwwaty pugtalandyrylýar, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş, gulluk, iş şertleri has-da gowulandyrylýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 4-nji dekabrda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bilen bagly kesgitlän wezipeleri bizi jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün etmek ugrundaky mukaddes borjumyza has-da jogapkärli çemeleşmeklige ruhlandyrýar. Biz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sargyt edişi ýaly, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjiligini, edermenligini we mertligini mynasyp dowam etdirip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza wepaly gulluk ederis.

Şyhmyrat HOJAÝEW,
Halaç etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist.