Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bagym bar, barym bar» diýilýär. Bu aýtgylardan we atalar sözlerinden görnüşi ýaly, bag adam durmuşynda örän uly orun tutýar.
Häzirki wagtda Arkadag şäherinde-de täze nahallary ekmek we öňden bar bolanlaryna ideg etmek işleri asylly däbe öwrüldi. Ýakynda şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşaýjylarynyň gatnaşmagynda bu mekany ekologiýa taýdan abadanlaşdyrmak, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen agzybirlikde bag ekmek işleri geçirildi. Güýzki bag ekmek möwsüminde häzire çenli 17500 sany bag nahallary oturdylan bolsa, bu gezekki oturdylan 4000 düýp bag nahaly öňküleriň üstüni ýetirdi.