Behişdi Diýarymyzyň baý haýwanat dünýäsiniň täsin wekilleriniň biri-de jikjikilerdir. Serçeler toparyndan bolan bu kiçijik guşjagazlar, dünýäniň köp ýurtlarynda duşýarlar. Olar ýurdumyza bahar aýynda uçup gelip, sentýabr — oktýabr aýlarynda ýyly ülkelere göçüp gidýärler. Biziň ýurdumyzda bu guşjagazlaryň birnäçe görnüşi duş gelýär.
Jikjikiler halk döredijiliginde-de, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde-de özüniň çeper beýanyny tapypdyr. Olar örän hereketjeň bolup, yzyny üzmän saýraýarlar. Bu häsiýet olaryň erkeklerine has mahsusdyr. Şol sebäpli köp gepleýän hem-de bir ýerde dek oturyp bilmeýän adamlary, köplenç, olara meňzedýärler. Bu guşlaryň göwreleriniň uzynlygy 11-den 13 santimetre, ganatlarynyň gerimi 17-den 22 santimetre, agramlary bolsa 8-den 11 grama çenlidir. Olaryň kelte guýruklary, uzyn aýaklary, inçe çüňkleri bolýar. Jikjikileriň garynlarynyň aşagy açyk reňkli, beýleki ýerleriniň aglaba bölegi sary, ýaşyl ýa-da goňur reňkli bolýar. Aziýada ýaşaýan bu guşlaryň käbir görnüşleriniň guýruklarynyň we ganatlarynyň gyralary we gözleriniň aşaklary açyk reňkli bolýar.