Harydynyň hyrydary köp

3 Dekabr 2024
202

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ynsan kalbyny gözelleşdirýär. Kalby şeýle gözellige beslenen ildeşlerimiziň on barmagynyň zähmetinden çykan nepis işleri göreniňde bolsa, elinden dür dökülýän adamlaryň bardygyna guwanjyň artýar. Şolaryň biri hem, Çärjew etrabynyň Farap şäherinde ýaşaýan Nariman Jumaýewdir. Ol agaçdan çemçe, hamyr ýaýmak üçin tagta, oklaw ýaly öý hojalyk we aşhana esbaplaryny ýasaýar. Ekologiýa taýdan ynsan saglygyna peýdaly bolan bu önümlere isleg bildirýänleriň sany bolsa, günsaýyn artmak bilen. Nariman Jumaýew ilki Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde «Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça sazlaýjy slesar» hünärini, ele alýar, soňra bolsa Ukrainada inžener-pedagog hünäri boýunça ýokary bilim alýar. Okuwyny tamamlan Nariman Hytaýyň Milli Nebit-gaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynda gaz öndüriji desganyň operatory bolup 10 ýyldan gowrak zähmet çekýär. Ynha, şol pursatlarda hem Narimanda agaçdan gap-gaçlary ýasamak we ony ak bazarlarymyza ýetirmek arzuwy döreýär.

Nariman ýüreginde beslän arzuwyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrdy. Ol agaçdan ýasan önümlerini ak bazarlarda satmakdan başga-da obadaşlarynyň toý-dabaralaryna sowgat berýär, etrabyň çagalar bakja-baglaryna paýlaýar. Şeýdip, ol obadaşlarynyň arasynda uly hormat-sarpadan peýdalanýar. Biz ondan geljekde öňde goýan maksatlary barada soranymyzda, ol buýsanç bilen şeýle diýdi:

Öz habarçymyz.