Saglyk — ýokary gymmatlyk

3 Dekabr 2024
166

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş-anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, ýerli çig maldan derman serişdelerini öndürýän döwrebap kärhanalar, häzirki zaman ylmy-kliniki merkezleri, saglyk öýleri yzygiderli gurlup, Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna şöhratly sahypalar ýazylýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, soňky ýyllarda bu ulgamyň düzümleri giňeldilip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, iň gowy dünýä tejribeleri we lukmançylyk ulgamyndaky gazanylanlar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ilaty bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmek, öňüni alyş işlerini geçirmek, keselleri irki döreýiş wagtynda anyklamak we netijeli bejermek möhüm wezipeleriň biridir.

Annamyrat AMANGELDIÝEW,
Ahal welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany.