Ynsan saglygynyň aladasy

3 Dekabr 2024
183

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işler giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän işleri netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurulmagy, saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi diýseň begendirýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özünde hem Diýarymyzyň çäginde häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň birnäçesiniň açylyp, ulanmaga berilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Şolaryň hatarynda paýtagtymyzdaky Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, şeýle-de Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary şäherindäki welaýat we şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasynyň açylandygyny bellemek ýakymly. Ak mermerli paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň sebitde deňi-taýy bolmadyk iri lukmançylyk merkezleri hökmünde uly gyzyklanma eýedir. Bu zatlar ýurdumyzda ynsan saglygy hakdaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri derejede tutulýandygynyň subutnamasydyr.

Maýa KURBANOWA,
Tejen etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany.