Halkara töleg ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk

30 Noýabr 2024
281

27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy «Visa» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde, öňdebaryjy töleg usullaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri ählitaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, «Visa» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada we Türkmenistanda 30 ýyllyk işi — munuň özi bu gün ählumumy maliýe ulgamynda möhüm orny eýeleýän innowasiýalary, sanly özgertmeleri we hyzmatdaşlygy berkitmegiň taryhydyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1994-nji ýylda «Visa International» halkara töleg ulgamynyň agzasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ählumumy maliýe giňişligine goşulyşmagynda täze sahypany açdy. Bu gün, otuz ýyldan soňra biz öz hyzmatdaşlygymyzyň möhüm gazananlaryny buýsanç bilen belleýäris.

Gurban ŞYHLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Maglumat tehnologiýalary müdirliginiň tehniki üpjünçilik bölüminiň başlygy.