Magtymguly, adyň dillerde sena

30 Noýabr 2024
295

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar, dabaralar, şahyryň eserleriniň terjimeleriniň tanyşdyryşlary ýaly çäreler yzygiderli geçirilýär.

22 — 26-njy noýabrda Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäreleriň biri guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we dolandyryş uniwersiteti, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy — Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde» atly halkara maslahata gatnaşdy.

Kakajan JANBEKOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty.