Jemgyýetiň sagdynlygy — ýurdumyzyň abadanlygy

4 Ýanwar 2021
1835

Eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde Watanymyz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýan, sportuň ösýän ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, kabul edilýän kanunlar raýatlaryň saglygyny goramak we sagdyn durmuşyny üpjün etmek baradaky aladadan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimizde halkymyzyň saglygy, abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler döwrümiziň beýik ýörelgeleriniň, maksatlarynyň esasyny düzýär.

Bagtyýar raýatlaryň abadan durmuşy hem-de ata Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kemal GURBANMYRADOW,
Etrek etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.