Pirli tamdyr

26 Noýabr 2024
250

Halkymyz tamdyry mukaddeslige deňeýär. Onda bişirilýän mele-myssyk çörek lowurdap dogýan Güne meňzeýär. Dürli ýyllaryň dowamynda toplanan etnografiýa çeşmelerinde pederlerimiziň tamdyr gurmak işi bilen bagly gyzykly maglumatlar hasaba alnypdyr. Ýurdumyzyň çäginde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda hem türkmen maşgalasyna öňden mahsus bolan käbir dessurlar hasaba alyndy. Ylmy derňewleriň netijesinde gadymy Marguşdan, Orta asyr Merwden, Köneürgençden, Şähryslamdan we Dehistan ýaly beýleki ýadygärliklerden gadymy tamdyr yzlary ýüze çykaryldy.

Bu barada taryhçy alym Annageldi Gubaýew: «Merwden we Könegaladan (Aşgabadyň etegindäki Köşi obasy) biziň eýýamymyzyň III asyryna degişli el degirmenleri tapyldy. Owal daş owguçda owradylan däneden nämäniň bişirilendigini anyk aýtmak kyn... Ýöne degirmenden çykan unuň peýda bolmagy bilen ýalpyldap duran çörekleriň bişirilip başlanandygyny çaklamak mümkin. Biziň pikirimizçe, türkmen tamdyrlarynyň-da has ýönekeýje görnüşleri baryp, şol zamanlarda ýüze çykypdyr» diýip ýazýar.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.