Saz söýüjilere sowgat

21 Noýabr 2024
259

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan gitaraçy mugallymlar M.Gurbanow bilen L.Nasyrowanyň bilelikde taýýarlan «Gitara» atly kitaby neşir edildi. Adyndan belli bolşy ýaly, kitap gitara saz guralynyň döreýiş taryhy, onuň Türkmenistanda öwrenilişi hem-de bu ugurda uly hyzmatlar bitiren sazandalar hakynda gyzykly maglumatlary özünde jemleýär. Kitapda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň saz eserleri, türkmen halk aýdym-sazlarynyň täzeden işlenen nusgalary hem-de ansambl düzüminde ýerine ýetirilýän sazlaryň gönükmeleri, etýudlary we olaryň ýerine ýetirilmegine degişli usuly görkezmeler ýerleşdirilipdir. Täze kitap çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary, okuwçylary we gitara saz guraly bilen içgin gyzyklanýanlar üçin özboluşly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder.

Ýörite habarçymyz.