«Akgaýanyň» islegli önümleri

20 Noýabr 2024
244

Hormatly Prezidentimiziň daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek barada öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde telekeçiler mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu gün ýurdumyzdaky hususy kärhanalaryň binýadynda dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän dürli harytlary öndürmek üstünlikli ýola goýulýar. «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän gurluşyk garyndy serişdeleri we gipsokarton  kärhanasy hem şolaryň hatarynda tanalýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň umumy meýdany 25 gektara barabar bolan gurluşyk garyndy serişdeleri we gipsokarton kärhanasy welaýatymyzda hem telekeçilik pudagynyň ynamly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Dolandyryşyň kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edilen kärhanada  taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine we gipsokartonlara ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda, şonuň ýaly-da daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýär.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».