Dostlugyň we döredijiligiň döwresinde

20 Noýabr 2024
225

Hiç bir halkyň medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň öz-özünden ösmeýändigi jedelsiz hakykat. Ýakyn-u-uzakdaky halklar biri-biriniň maddy hem ruhy ýörelgelerine, ylym-bilim, terjime hem medeni gatnaşyklar arkaly täsir edýär. Türkmen we özbek halklarynyň gadymy taryhy, urp-adatlary, milli däp-dessurlary biri-birine juda ýakyn. Bu iki halkyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ykdysady, söwda, medeni we edebi gatnaşyklar häzirki günlerde-de işjeň ösdürilýär. Munuň şeýledigini şu günler ýurdumyzda geçirilýän Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Onuň ikinji gününde, düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda hem bu barada giňişleýin pikir alşyldy.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen hem özbek halklarynyň edebi gatnaşyklarynyň kökleriniň neneňsi çuňlukdan gözbaş alyp gaýdýandygyna, umumadamzat ähmiýetli didaktik temalaryň beýanynyň iki halkyň nusgawy şahyrlarynyň, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde aýdyň ýüze çykýandygyna, Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiliginde bu temanyň has-da ösdürilýändigine, çuň şahyrana kämillige eýedigine ünsi çekdiler. Bu hakykaty öz wagtynda dürli halklaryň alymlary hem ykrar edipdirler. Ýeri gelende, Magtymguly, Mollanepes, Kemine ýaly türkmen şahyrlary özbekleriň edebi-medeni durmuşynda neneňsi hormat-sarpa eýe bolsa, özbek halkynyň nusgawy edebiýatynyň Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Muhammet Babyr, Meşrep ýaly wekilleri-de türkmen okyjylarynyň kalbyna şeýle derejede ýakyndyr.

(Ýörite habarçymyz).