Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­lar

19 Noýabr 2024
227

Goňşy döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak biziň gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza esaslanýar. Özbegistan hem şol hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlykda medeni-ynsanperwer ulgama hem aýratyn ähmiýet berilýär. Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilmegi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Munuň şeýledigine 18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we sungatlaryň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.