Ýowar

7 Noýabr 2024
290

Ýüpek gurçugyny iň soňky ukusynda basyrmak üçin ýowar edilip, sähra siňrene gidilerdi. Arassa howada, alaňlaryň arasynda üýşüp işlemegiň özboluşly hezili bardy. Ýowar agşamlary oduň başynda, ojaryň ýakymlyja tüssesi siňen mis tüňçeli çaýa ýanap, gojalaryň gyzykly gürrüňlerini diňläp, dolan Aýy synlamagyň lezzeti bir başgady. Şonda garrylar: «Ýowar käte halk bähbidi, käte ýekelliler, ýetim-ýesirler ýa-da obanyň ýedi tarhanynyň bähbidi üçin agzybirligi ynsanperwerlige garyşdyrýan, öýkelileri ýaraşdyrýan, iş haky alynmaýan halal zähmetiň bir görnüşidir» diýerdiler.

Ata-baba köne ýörelge boýunça türkmenler guýy gazyp içitli, köpri gurup geçitli, namaz jaý gurup metjitli bolanda ýowara üýşer ekenler. Çomrular gazy-haşarda, hasyl ýetişerde, bugdaý orumda, ýer agdarymda, çarwalar bolsa guýy gazyp leňňer, ýazlaga göçüp seňňer edende, çakylyga gelipdirler. Ene-mamalaryň, gyz-gelinleriň ümä üýşüp, bukja çatmasy, keçe basyp, toşap etmesi, degirmen üwäp, gowurdak gatmasy ýowar kysmy bolupdyr. «Ýowara barmak — ýowa barmak» diýip, ýowarda guralyň gurat, esbabyň üpjün bolmagyndan daşary, ýaltalyga ýüz ursaň halanmandyr. Hasyl toýdur gurbanlygy, garaçawuş, Burkuda dermanlygy guramaçylykly sowýan oba adamlarynyň agzybirligini: «Tüweleme, ýowara üýşen ýaly» diýip magtapdyrlar.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
mirasgär.