Bolçulygyň mekany

7 Noýabr 2024
242

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda obasenagat toplumynda durmuşa ornaşdyrylan özgertmeler bäsdeşlige ukyply, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrýan önümleri öndürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu pudaga uly üstünlikleri getirdi.

Ýurdumyzyň bolçulygyň hem berekediň mekanydygyny tassyklaýan guwandyryjy ösüşler Milli Liderimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly eserinde ýazan sözlerini ýadyňa salýar. Bu ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen diňe önümçilik ulgamy däl, durmuş düzümleri hem uly ösüşlere eýe boldy. Şeýlelikde, oba adamlarynyň hal-ýagdaýy barha ýokarlanýar.

Daýançmyrat TUWAKOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Daşoguz welaýat müdirliginiň Akdepe etrap bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy.