Bereketli topragymyzyň sahawaty

6 Noýabr 2024
257

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen ekerançylarynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, mähriban topragymyzyň egsilmez sahawatynyň baýramy — Hasyl toýy giňden bellenilýär.

Türkmen topragy rysgala, berekede baý. Oňa tohum atsaň müň bolup hasyl eçilýär. Daýhany iş başynda görenler: «Tohumyň müňläwersin!» diýibem şonuň üçin aýdýandyrlar. Sahawata baý türkmen topragynyň kerem-keramaty barada söz açylanda, onuň daýhana hiç haçan bergidar bolup galmaýandygyny nygtaýarlar. Bu aýtgy şu günümizde-de aýdyň hakykata öwrülýär. Ata-babalarymyzyň maňlaý derine eýlenip, nygmat öndüren topragynyň bu günki nesle-de berekedini boldan eçilýändigine hemmämiz şaýat. Sepen her bir dänäňi müň edip gaýtaryp berýän bu kerem-keramatly topraga azabyňy aýamasaň, ýylda iki-üç öwran hasyl alyp bolýar. Pederlerimiz hut şu mele toprakda zähmet çekip, bugdaý, gowaça, gök we bakja ekinlerini, dürli miweli baglary ýetişdirip, bol hasyl, harman ýygnapdyrlar. Soňky hasylyny hem ýygnap bolan daýhan: «Azabym ýerine düşdi» diýip, uludan toý toýlap, saçagyny naz-nygmatdan dolduryp, ýakynlaryny myhmançylyga çagyrypdyr. Ine, bu däp-dessur asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip, häzirki döwrümizde döwlet derejesinde giňden bellenilýär.

Ýörite habarçymyz.