Muzeýdäki kömelekler

31 Oktýabr 2024
362

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda ýurdumyzda duş gelýän kömelekler ilkinji gezek görkezilýär. Eger-de haýwanlaryň derisinden gäp, ösümliklerden gerbariý ýasalýan bolsa, kömelekler gurasa, öz durkuny ýitirýär. Şoňa görä, biz olary edil tebigatdaky bolşy ýaly ýasap, muzeýe gelýänlere görkezmegi makul bildik. Munuň üçin kömelekleriň öz hakyky ululygynda hem-de tebigy görnüşinde gipsden ýa-da penoplastdan mulýažlar ýasaldy. Çeper dikeldiş we rejeleýiş bölüminiň hünärmenleriniň ýasan mulýažlaryny hakyky kömeleklerden tapawutlandyrmak o diýen ýeňil däl.

Muzeýde ýurdumyzda duş gelýän kömelekleriň 10 görnüşi ýerleşdirilen. Olardan ders kömelegi, ak ýylan kömelegi, çemenlik ak kömelegi, guzybut kömelegi, smorçogy, gelin kömelegi, mele domalany, weşenka we agaç kömelegini görkezmek bolar.

Enejan ALTYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.