Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi

22 Oktýabr 2024
470

Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm wezipeleri esas edinýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen açylyp ulanmaga berlen 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, çagalar we ulular üçin niýetlenendir. Merkezde kesellerden soň näsaglaryň işjeňligini dikeltmek, olaryň öwezini dolmak we goldamak amala aşyrylýar, netijede näsaglaryň durmuş hili gowulanýar, dikeldiş işleriniň netijesinde maýyplygyň öňi alynýar we derejesi peselýär, işe ukyplylyk tiz wagtda dikelýär. Merkezde çagalar we ulular üçin maslahat beriş we anyklaýyş, çagalar we ulular üçin kinezioterapiýa we gidroterapiýa, çagalar we ulular üçin fizioterapiýa, çagalar we ulular üçin reabilitasiýa, abilitasiýa, çagalar we ulular üçin newrologiýa, çagalar we ulular üçin ortopediýa, pediatriýa, kardiologiýa, iç keselleri, somnologiýa we sport reabilitasiýa, neýroreabilitasiýa, çagalar we ulular üçin ortopediýa reabilitasiýa, kardioreabilitasiýa, iç keselleriniň reabilitasiýa, giperbariki oksigenirleme bölümleri hereket edýär.