«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň bereketli hasyly

20 Oktýabr 2024
308

Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak arkaly halkymyzyň sarp edýän harytlarynyň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususyýetçi daýhanlaryň çekýän yhlasly zähmeti hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzda oba hojalygyny ylmyň gazananlary esasynda alyp barmak, ýerden we suwdan rejeli peýdalanmak babatynda uly tagallalar edilýär. Daýhan hojalyklaryna, kärendeçilere, mülkdarlara döwlet tarapyndan bu ugurda zerur ýeňillikler döredilýär. Ýurdumyzyň hususyýetçi daýhanlary hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek arkaly bu pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşýar. «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden bölünip berlen ýeri özleşdirip, şu ýyl bugdaýdan bol hasyl almagy başardy. Altyn güýzüň bereketli günlerinde hojalyk jemgyýeti kösükli dänelilere degişli bolan soýanyň bol hasylyny ýygnamaga girişdi.

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.