Soňky ýyllarda halkara ýaryşlarda gazanýan ýeňişleri bilen ady has kän agzalýan türkmen türgeni Alp Arslan Begenjowa hut şeýle baha beresiň gelýär. Ol bu baha aňryýany bilen mynasyp. Çünki gatnaşan ýaryşyndan medal umydygär bolunýan türgen ýakynda türkmen sportunyň taryhynda täze sahypany ýazdy. Çünki bary-ýogy 18 ýaşly türgen ýaşlaryň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempiony bolan ilkinji ildeşimizdir. Pälwan pederlerimiziň pälwan nesli bu üstünligi Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda gazandy.
Bu çempionlygyň başga bir aýratynlygy hem bar. Türkmen sportunyň täze ýyldyzy Olimpiýa maksatnamasyna girýän görnüş boýunça geçirilen dünýä çempionatyndaky tutluşyklarynyň ählisinde-de garşydaşlaryna ýekeje utuk hem bermedi. Ýogsam, onuň garşydaşlarynyň hiç biri hem ejiz däldi. Biziň Alp Arslanymyz dünýä çempionatynda geçiren bäş duşuşygynda hem arassa ýeňiş bilen altyn medalyň eýesi boldy.