Maşgala mukaddesligi wagyz edildi

4 Oktýabr 2024
538

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda maşgala mukaddesligini gorap saklamak, çagalaryň bagtyýarlykda we erkanalykda ulalyp, kemala gelmeklerini gazanmak ugrunda içgin aladalanylýar. Bu ugurda uly işler amala aşyrylýar. Şundan ugur alyp, biz hem bölümimizde «Maşgala abatlygy — ýurduň abatlygy» ady bilen maslahat geçirdik. Oňa şäherimiziň ýaşaýjylary, ýaş çatynjalar, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Çäre mahalynda dürli mowzukdaky çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň dowamynda ýygnananlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar.

Maşgala agzybirligini gorap saklamak ugrunda ählimiz göreşmelidiris. Hut şonuň üçin biz nikadan geçýän ýaşlara biri-birine sylaşykly bolup, agzybir ýaşamaklaryny ündeýäris.

Jeren AÇYLOWA,
welaýat raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň esasy hünärmeni.