Şäherde ylgamak

28 Sentýabr 2024
424

«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024

Ir sä­her­ler­de ýa-da seý­rek ýag­daý­lar­da ag­şam­la­ry­na şä­her kö­çe­le­rin­de yl­gaw edip ýö­ren adam­la­ryň, esa­sa­nam, ýaş­la­ryň duş gel­me­gi ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­niň ösü­şi­niň oňyn ala­ma­ty bo­lup dur­ýar. Eý­sem-de bol­sa şä­her mer­kez­le­rin­de yl­gaw et­mek şä­her etek­le­ri­niň, üm­süm şä­her­çe­le­riň kö­çe­le­rin­de, oba­la­ryň gum-guk­luk ýo­da­la­ryn­da yl­ga­mak­dan es­li ta­pa­wut­la­nyp bi­ler. Göz­ýe­ti­miň yn­san na­za­ry­na ýa­pyk­ly­gy­nyň özi eý­ýäm yl­gaý­jy­nyň dyz­maç ru­hu­ny bi­raz sy­ka­ja sa­lyp, onuň säh­ra­da­ky ýa­ly as­man bi­len ze­mi­niň bir­leş­ýän çy­zy­gy­na ýa-da alys­da se­leň­le­ýän dag­la­ryň ete­gi­ne ta­rap «ýa­şyl şe­mal de­ýin, ga­nat­ly de­ýin» (G.Ezi­zow) üm­dü­zi­ne tut­du­ryp gi­di­ber­me­gi­ne maý be­re­nok. Esa­sy päs­gel­çi­lik bol­sa şä­her gur­şa­wy­nyň yl­gaý­jy­ny her ädim­de se­re­sap bol­ma­ga mej­bur ed­ýän şert­le­ri bo­lup dur­ýar. Ýog­sam bol­man­da be­den­ter­bi­ýe jä­he­tin­den tu­tuş­ly­gy­na al­nan­da şä­her­de yl­ga­ma­gyň ço­la ýer­ler­dä­ki yl­gaw­dan kem­ba­ha ýe­ri ýok. Eger şä­her ýe­ri­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na uý­gun­la­şyp, şo­ňa la­ýyk­lyk­da aşak­da­ky kä­bir düz­gün­le­ri ber­jaý et­mek bi­len yl­ga­sa­ňyz, siz her ýer­de-de yl­gaw spor­tu­nyň ynsan be­de­ni we ru­hy üçin taý­syz peý­da­syn­dan lezz­et alyp bi­ler­si­ňiz.

Gurt ÜÝŞ­ME­KOW,
žurnalist.