Nur çaýýan «Çyrag» çyralary

18 Sentýabr 2024
546

Telekeçilige giň ýol!

Milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň wekilleri ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, dürli ugurlarda olaryň eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek babatda döwlet derejesinde edilýän aladalardan, döredilýän oňaýly şertlerden üstünlikli peýdalanýarlar. Munuň özi hususy işewürlerimize eziz Diýarymyzyň baý çig mal serişdelerine, zähmet gorlaryna esaslanýan önümçilikleri döretmekde uly tejribe toplamaga giň mümkinçilikleri döredýär. Haçan-da, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki senagat zolagynda öz önümçiligini üstünlikli ýola goýmagy başaran «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýetiniň ýokary hilli elektrik çyralaryny öndürýän önümhanasynda alnyp barylýan netijeli işler bilen tanyş bolanyňda, şeýle buýsançly hakykata ýene bir ýola anyk göz ýetirýärsiň.

Nurmämmet HYDYROW.
Surata düşüren Andreý PAKULOW, «Balkan».