Türkmen halkynyň Milli Lideri Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy

9 Sentýabr 2024
22

8-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinden hormatly Arkadagymyzyň awtoulag kerweni «Akorda» köşgüne geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Duşuşyk iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini we ony has-da ösdürmäge çalşylýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

«Nebit-gaz».