Geňeşli salamat bolar

6 Sentýabr 2024
66

Halkymyz «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Çyn dost geňeşde bellidir», «Arkalaşan dag aşar» ýaly pähimleri döredip, ähli babatda nesillere nusgalyk görelde görkezipdir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem täze eýýamymyzda milli döwletlilik ýörelgelerimiziň dabaralanýandygynyň, ata-babalarymyzyň her bir tutumly işi maslahatlaşyp, geňeşli iş başlamak däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, döwrebap ylym-bilim öwrenmekleri, dynç almaklary, zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.