Köp bolsa-da, az ýaly

5 Sentýabr 2024
707

Çagalyk pursatlaryň göz öňüňde janlananda, eneli-ataly günleriň näçe köp bolan hem bolsa, az ýaly görünýär. Sebäbi olaryň ýyly mährinden, söýgüsinden, mährem keşbinden, didaryndan hiç ganma ýok. Güler ýüzleri hemişe göz öňüňde baky heýkel bolup, zybanyndan çykan hoştap, ýakymly sözleri gulagyňda ýaňlanyp dur. Dünýäde olary hiç bir mukaddeslik bilen deňäp bolmaýar. Gyz maşgalanyň durmuşynda ejäniň orny has hem uly. Sebäbi ol her bir duýgyňy gözüňden aňyp, saňa syrdaş bolýan EJE!

Ejemiň alty aýlyjak wagtym meni gujagyna alyp düşen suratyny günde diýen ýaly synlaýaryn, käbäm bilen didarlaşýaryn. «Eje jan, käbäm, sen ýanymda bolsaň bolmaýarmy?» diýip, onuň bilen hyýaly sözleşýärin. Göwnüme bolmasa, ol: «Gyzym, men mydama-da seniň ýanyňda ahyryn» diýýän ýaly. Ol dogrudan hem şeýle bolmaly, sebäbi käwagt başlan işiňe ugur tapman, dümtünäýýän halatyňda ýa-da başyňa bir iş düşüp, ejizleseň hem ejeň saňa medet-hemaýat berýär. Ol ýuwaşlyk bilen gulagyňa çawuş çakýan ýaly bolýar. Kalbyňda ýaňlanan owazy ruhuňy galkyndyrýar, bedeniňe güýç-kuwwat berýär.

Ogulbaýram TAGANOWA,
«Zenan kalby».