Şu gün ýurdumyzda bugdaý ekişine başlanylýar

3 Sentýabr 2024
53

2-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.