Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň oňyn netijeleri

3 Sentýabr 2024
31

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi köp babatda köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan iki ýurduň garaýyşlary bilen şertlendirilendir.

TDH-nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.