La­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­la­ry — ýo­ka­ry hi­liň ny­şa­ny

29 Awgust 2024
469

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Döw­let aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň Aras­sa­çy­lyk we ke­sel­le­riň ýaý­ra­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek gul­luk­la­ry­nyň bar­lag­ha­na­la­ry­na hil ul­ga­my­nyň la­ýyk­lyk gü­wä­na­ma­sy be­ril­di. Ýa­kyn­da Jem­gy­ýet­çi­lik sag­ly­gy we iý­mit mer­ke­zi hem şeý­le gü­wä­na­ma my­na­syp bo­lup­dy. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň de­giş­li dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re do­ly la­ýyk gel­ýän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Ber­len gü­wä­na­ma­lar de­giş­li dü­züm­ler­dä­ki iş­le­riň TDS ISO 9001 stan­dar­ty­nyň bel­le­nen ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. ISO 9001 dün­ýä­de hi­li do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yk­rar edi­len stan­dart bo­lup, äh­li öl­çeg­ler­dä­ki eda­ra­la­ra, pu­dak­la­ra iş­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge, hil bo­ýun­ça yg­rar­ly­ly­gy­ny gör­kez­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu stan­dar­tyň işe or­naş­dy­ryl­ma­gy aras­sa­çy­lyk gul­luk­la­ryn­da iş­le­riň ne­ti­je­li al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny, hü­när­men­le­riň öz iş­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny, hyz­mat­la­ryň gy­şar­nyk­syz ber­jaý edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.