Şabat şemal

22 Awgust 2024
565

Pederlerimiz ýeli — şemaly hem dürlüçe atlandyrypdyrlar. Mysal üçin, esasan-da, Gökdepe, Bäherden sebitlerinde seleň, sergin manylaryny berýän şiwe sözi bolan şabat sözi ulanylýar.

Ol gepleşikde şabat şemal, şabat howa (şavat görnüşde aýdylýar) ýaly ulanylyp, dagdan öwüsýän salkyn şemalyň adydyr. Şu söze golaý şabada sözi özbek dilinde «baharda öwsen şemal» manysyny berýär. S.Karaýew özbek dilindäki şabada sözüniň pars-täjik dilinde «şab boda» — «agşam şemaly» manysyny belläpdir. Ärsary şiwesindäki epgek manysynda ulanylýan «tapbat» sözi hem şabat sözi bilen köki birdir. Ol «Gawuna tapbat, ogra şapbat» diýen nakylda hem saklanyp galypdyr.

Amangül ESENMÄDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.