Üzümiň seçgisi — bol hasylyň buşlukçysy

19 Awgust 2024
459

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy barha pajarlaýar. Şunda soňky ýyllarda esasy göze ilýän täzelikleriň, döwrebap, özgerişlikleriň biri-de ylym bilen tejribäniň utgaşyklygydyr. Özem şonuň dünýä tejrbesi, nou-haular, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanmak, iň esasysy-da, toprak, suw, howa şertlerimize mahsus ýagdaýda amala aşyrylýandygydyr. Bu işleriň barha giň gerim alýandygy begendirýär. Dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny önümçiligiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmagyň ykdysady bähbidi juda uludyr.

Oba hojalyk babatda aýdylanda bolsa, ýaşap ýören zam a namy zy ň ösen tehnologiýalaryny, ylmyň ýüze çykarýan täzeliklerini hem-de öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryny ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi bilen utgaşdyrylyp, işimize giňden ornaşdyrylmagynyň önümçiligiň ýaýrawynyň giňemegine, milli ylmyň ösmegine diýseň oňyn täsiri bar.

Myratgeldi PAŞŞYKOW,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary.