Eziz watanymyz — Türkmenistan

14 Awgust 2024
124

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuna barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň çalt depginde ösdürilmegini maksat edinýän ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Täze ýollary gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär. Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgelerini kemala getirmek ugrunda hem işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyzyň köp şahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.

Döwletleriň, sebitleriň, yklymlaryň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk köprülerini gurýan Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynda ulag diplomatiýasy aýratyn orny eýeleýär. Şol maksat bilen Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly, halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýar. Sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda ýurdumyz işjeň orny eýeleýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk ägirt uly tebigy serişdeleri bolan we Ýewraziýa giňişligindäki esasy ýollaryň çatrygynda amatly ýerde ýerleşýän Merkezi Aziýanyň häzirki zaman ösüşiniň meýillerine laýyk gelýär.

«Esger».