Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

13 Awgust 2024
85

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz sebit we ählumumy derejede köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen däp bolan gatnaşyklar nusgalyk häsiýete eýedir. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, Astanada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimizi «Akorda» köşgünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.