Bildiriş

13 Awgust 2024
110

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap salgyt bölümi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 11-nji noýabryndaky «Edara görnüşindäki taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagy kämilleşdirmek hakynda» 11896 belgili Karary bilen tassyklanan «Edara görnüşli taraplary döwlet tarapyndan hasaba almagyň we olaryň hasabyny ýöretmegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň maglumatlar binýadyny dogry ýöretmek maksady bilen, Bäherden etrabynyň çäginde eýeçilik görnüşine garamazdan, ähli ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan berlen göçürmeleriniň möhleti geçen edara-kärhanalara (şahamçalar) möhletini uzaltmak, gaýtadan bellige almaklyk ýa-da sanawdan çykarmaklyk barada iş geçirmelidigini habar berýär.