“Türkmendeňizderýaýollary” iki sany Ro-Ro gämisiniň gurulmagy babatynda bäsleşik yglan etdi

12 Awgust 2024
88

Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileriniň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Yslam Ösüş Bankynyň, hem-de OPEK halkara ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2024-nji ýylyň 5-nji awgustynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol paromlarynyň gurluşygy boýunça taslamalaşdyrmak, enjamlar bilen üpjün etmek hem-de gämi gurluşygyny dolandyrmak barada bäsleşik yglan etdi.   

Gämiler “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu taslamanyň maksady, milli deňiz söwda flotunyň mümkinçiliklerini we netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň gämi gurluşyk mümkinçiligini ösdürmek bolup durýar. Bu taslama, deňiz ulag pudagynyň durnukly ösüşini gazanmakda we ýurdumyzyň ykdysadyýetini hem-de ykdysady işi difersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen, ýurdy ösdürmegiň umumy strategiýasyna goşant goşar.