Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

9 Awgust 2024
108

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Singapur Respublikasynyň Prezidenti jenap Tarman Şanmugaratnama, Premýer-ministri Lourens Wonga we ýurduň halkyna Singapur Respublikasynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, onuň halklarymyzyň bähbidine yzygiderli kämilleşdiriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

(TDH)