Bereketli toprak eşret getirýär

7 Awgust 2024
530

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ösüşlerini berkidip, oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli maksatnamalar esasynda ýene-de öňe barýarys. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Sebitleri ösdürmek boýunça düýpli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Geçen ýyllarda gazanylanlara ser salyp, döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüş ýoluny geçendigi barada buýsanç bilen oýlanýarys. Milli Liderimiziň oba hojalyk önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, ýeriň hasyl berijilik derejesini ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli dowam etdirilmegi pudagyň ösüşlerini ýene-de güýçlendirýär. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda göz ýetirse bolýar. Şu ýyl welaýatymyzyň gallaçylary Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar.

Ilatyň galla bolan isleginiň üpjün edilmegi azyk garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda oba hojalyk toplumy tarapyndan galla bolan içerki isleg doly kanagatlandyrylýar. Gallanyň ätiýaçlyk gory hem döredildi. Döwletimiz tarapyndan daýhanyň bol önüm öndürmegi üçin edilýän aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär. Oba hojalyk önümçiliginde amala aşyrylýan özgertmeler pudagyň önüm öndürijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Sebäbi oba hojalygyny ösdürmek bilen döwletimiziň ykdysady binýady has berkeýär. Daýhanlaryň ekin meýdanlaryndan bol hasyl almaklary üçin zerur bolan şertleriň ählisi üpjün edilýär, öňdebaryjy iş usullary ýerlikli ulanylýar. Ýerleriň ep-esli bölegi uzakmöhletleýin ulanmak üçin raýatlara paýlanylyp berildi. Kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Şu ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary girizildi. Döwletimiz bugdaýyň täze hasylynyň bir tonnasyny gallaçy daýhandan 2000 manatdan satyn alýar. Bu bolsa daýhanlaryň netijeli zähmet çekmeklerine bolan höweslerine höwes goşdy. Döwlet harmanyna köp hasyl tabşyran gallaçylar yhlasly zähmetleriniň hözirini görýärler.

Bahadur ŞADYÝEW,
«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşigindäki galla agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.