Söwda ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmagyň şertidir

7 Awgust 2024
265

Türkmenistanyň söwda syýasaty ýurduň ykdysady ösüşiniň we daşary syýasy gatnaşyklarynyň möhüm şertleriniň biridir. Içerki bazardaky söwda dolanyşygynyň ösüşi söwda pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň abadançylygynyň we durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow içerki bazaryň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak üçin söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmek, dokma, haly we haly önümleriniň elektron söwdalaryny guramak üçin bu işe sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar berildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy bölegiň işini giňeltmek boýunça çäreleri dowam etdirmek barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini has netijeli guramagy tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda öndürilýän önümleri mahabatlandyrmak, daşary döwletlerde söwda öýlerini açmak meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

(TDH)