Taýýarlyklar ýaýbaňlanýar

6 Awgust 2024
546

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri bolan «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri bu ýyl 1 müň 200 gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar. Hojalykda täze ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk işine, hasyl ýygnalandan soň, bada-bat girişdiler. Samandan arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi, ýeňil tekizlemek, çil çekmek işleri barha gyzyşýar. Bu işlerde daýhan birleşigi boýunça tehnikalaryň 6-sy netijeli işledilýär. Gallaçy kärendeçileriň samandan arassalanan ýerlerinde Täşli Baýlyýew, Meretdurdy Amannazarow, Magsat Mamyşow, Rejepdurdy Agamedow ýaly mehanizatorlar önjeýli zähmet çekýärler. Olar tekizlemek, çil çekmek işiniň bol hasylyň girewidigine düşünmek bilen, ýerine ýetirýän işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler.

Daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiljek ýerlerine tagt suwuny tutmak, ekiş geçirmek işleriniň wagtynda we oňat hilli geçirilmegini üpjün etmekde taýýarlyklaryň depginini gowşatmaýarlar. Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmegine hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.

Gurbangül BAÝRAMKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň esasy hünärmeni.