Tokly – urbalyk mal

6 Awgust 2024
500

Dowardarçylykda ýaş guzulary talabalaýyk, dogry ösdürip ýetişdirmek iň jogapkärli çäreleriň biri. Guzuly goýunlary talabalaýyk idetmek üçin olardan uly bolmadyk aýratyn toparlar (körpe, orta, tokar we uly topar) düzülýär. Bu toparlarda, guzularyň ýaşy, ösüş derejesi we saglyk ýagdaýy gözegçilikde saklanylýar. Bu bolsa ýaş guzulary ösdürip ýetişdirmek üçin amatly we netijeli usul hasaplanylýar. Soňky uly topara geçirilen 15 günlük guzular tä enesinden seçilip aýrylýança, 4 – 4,5 aýa çenli eneleri bilen bile bakylýar.

Ýaş guzulary tomus pasly jöwzaly yssy howada gün urmaz ýaly, ýerli materiallardan (gamyşdan, ýylgyndan) gurlan taşanyň aşagynda saklamaly. Guzuly goýunlary gün içinde iki gezek süýji suw bilen üpjün etmeli. Ajy, şor suw guzularyň içini geçirýär. Guzulary suwa ýakmak üçin guýynyň gapdalynda pessejik suw nowalaryny goýmaly. Guzular nowadan suwa ýakylmasa, mejbur bolup, ýata, hapa suw içýärler, bu bolsa olary garyn-içege kesellerine duçar edýär. Mallar suwa ýakylanda çopan süriniň yzyna eýgermejek gowşak, göýdük, näsag guzulary we keselli goýunlary saýlap, süriden çykaryp, goşmaça iýmlemegi guramaly (günde mal başyna 200 – 300 gram iým berilýär). Näsag mallary mal lukmanyna görkezmeli.

Ýusup WELIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.