Ojagyň öçmejek nury

2 Awgust 2024
708

Maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyz hem enelere hormat goýmak bilen halkymyza sowgat eden «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda her bir ojakda enäniň mukaddesligini aýdyp geçýär.

Enäniň söýgüsi hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajak ýakymly duýgudyr, ony ýönekeý söz bilen düşündirip bolmaýar. Ynsandaky asylly häsiýetler enäniň söýgüsinden döreýär. Enelerimiz bize elmydama görelde bolup durýar. Ene hakynda pikir ýüwürdenimizde şahyr Mämmet Seýidowyň şu goşgy setirleri ýadyma düşýär:

Akmuhammet TEMIROW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň talyby.