Taslamalar — täze taryhymyz

1 Awgust 2024
131

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy hem-de iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri säher bilen Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gurulýan desgalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

«Arkadag»