Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

27 Iýul 2024
163

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Çili Respublikasynyň Prezidenti Gabriel Boriçe hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Çili Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

(TDH)