Yhlasyň gowuşsyn, dalaşgär!

27 Iýul 2024
328

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilime teşne zehinli ýaşlarymyz talyplyk bagtyna eýe bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar. Degişli işler Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda-da guramaçylykly dowam edýär. Mary şäherinde ýerleşýän bu institutyň mugallymy, kabul ediş toparynyň agzasy Maral Agaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi:

— Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda edilýän köpugurly tagallalar bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine şu günler degişli resminamalaryny tükelläp, uly umyt-arzuwlary ýüreginde besleýän yhlasly dalaşgärleri synlanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).