Türkmen ýaşlary Kazanda

26 Iýul 2024
284

2024-nji ýylyň 8 — 22-nji iýuly aralygynda daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasy geçirildi. Şu ýyl bu taslama 13 ýurtdan — Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si gatnaşdy. Bu taslama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy ylym-bilim ulgamynda bar bolan mümkinçilikleriň täze sahypasyny açdy.

Biz hem bu taslama gatnaşan türkmenistanly talyplaryň biri bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Merjen JUMAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.