Türkmenistan — BMG: strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

25 Iýul 2024
201

Türkmenistan BMG-ä we onuň ýöriteleşdirilen düzümlerine ählumumy gatnaşyklar ulgamynyň sütüni, bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bu düzümiň halkara konwensiýalarynyň 90-dan gowragyna goşulmagy munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Bu bolsa bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Türkmenistan häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk, özara hormat goýmak diplomatiýasyny ilerletmek, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar.

Bitarap Watanymyz halkara gatnaşyklarynyň gün tertibindäki gaýragoýulmasyz meselelere çynlakaý çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerine jogap berýän oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň halkara giňişligindäki ähmiýetli ornuny has-da berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, dünýäniň 86 döwletiniň awtordaşlygynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasy ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu möhüm halkara resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.