Döwrebap kanunlar — döwrüň talaby

25 Iýul 2024
163

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ähli ugurlar boýunça belent üstünliklere, uly ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşleriň hatarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeleri — milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyny aýratyn bellemek zerurdyr. Döwletimizde her bir adamyň abadan we bagtyýar ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän ynsanperwer taglymaty üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hukuk ylmyndan belli bolşy ýaly, hukuk döwleti, ilki bilen, ýurtda kanunyň agalygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsanyň — onuň mertebesiniň, tebigy hem mizemez hukuklarynyň döwlet üçin ýokary, baş gymmatlyk hökmünde görülmegini aňladýar. Kanunyň agalygy diýmek — bu döwletde halk köpçüliginiň we her bir şahsyýetiň bähbidini nazarda tutmak bilen, şeýle-de dünýä bileleşiginiň ykrar eden hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden konwensiýalarynyň ynsanperwer kadalaryndan ugur alyp, döwletiň kanun çykaryjy edarasy tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ähli kanunlaryň hemmeler tarapyndan deň derejede berjaý edilmegi, kanunyň döwletiň bütin çäginde höküm sürmegi, jemgyýetde hem-de döwletde kanunyň ähli zatdan belentde durmagy diýmekdir.

Bibijan HYDYROWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, kazynyň kömekçisi.